Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
34 verses
1Gögüň Patyşalygy üzümliginde işlär ýaly, ertir ir bilen işçi tutmaga giden ýer eýesi ýalydyr.
2Ol işçiler bilen günde bir dinara razylaşyp, olary öz üzümligine ýollaýar.
3Gündiz sagat dokuzlarda daşaryk çykanda, bazarda başgalaryň boş duranyny görýär.
4Olara-da: „Siz hem üzümlige gidiň, hakyňyz näme bolsa bererin" diýýär. Olar hem gidýärler.
5Günortan we gündiz sagat üçlerde ýene daşaryk çykýar-da, ýene şeýle edýär.
6Gündiz sagat bäşlerde daşaryk çykanda, başga boş duranlary görüp, olara: „Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?" diýýär.
7Olar hem: „Çünki hiç kim bizi tutmady" diýýärler. Olara: „Siz-de üzümlige gidiň" diýýär.
8Agşam düşende, üzümligiň eýesi öz iş dolandyrýanyna şeýle diýýär: „Işçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle".
9Şeýlelikde, gündiz sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir dinar alýar.
10Ilkinjiler gelende köp alarys öýdýärler, ýöne olaryň-da her biri bir dinar alýar.
11Muny alan wagtlary olar ýer eýesine hüňürdeşip,
12„Bu iň soňkular diňe bir sagat işlediler, sen bolsaň olary günüň ýüküni, yssysyny çeken biziň bilen deň etdiň" diýýärler.
13Ýer eýesi olaryň birine jogap berip, şeýle diýýär: „Eý dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok; sen meniň bilen bir dinara razylaşmadyňmy?
14Öz hakyňy al-da git. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin.
15Öz malym bilen islänimi etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?"
16Şeýlelikde, iň soňkular ilkinji, ilkinjiler hem iň soňkular bolar, çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».
17Isa Iýerusalime barýarka, on iki şägirdi ýolda çete çekip, olara şeýle diýdi:
18Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler.
19Oňa gülsünler, gamçylasynlar, haça çüýlesinler diýip, Ony başga milletlere tabşyrarlar, ýöne Ol üçünji güni direler».
20Onsoň Zebedeý ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna gelip, ýere ýykyldy-da, Ondan bir zat diledi.
21Isa hem oňa: «Näme isleýärsiň?» diýdi. Ol-da Isa: «Tabşyr, Patyşalygyňda meniň bu iki oglumyň biri Seniň sagyňda, biri hem soluňda otursyn» diýdi.
22Emma Isa şeýle jogap berdi: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylyp bilermisiňiz?» Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler.
23Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, Meniň çokundyryljak çokunyşym bilen çokundyrylarsyňyz. Ýöne size Meniň sagymda ýa solumda oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýynlan bolsa, şolar üçindir».
24Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar.
25Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Siz bilýärsiňiz, milletleriň başlyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
26Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
27Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
28Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
29Olar Erihadan çykanlarynda, uly märeke Isanyň yzyna düşüp gitdi.
30Ýoluň kenarynda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidenlerinde: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryşdylar.
31Märeke seslerini çykarmasynlar diýip, olara käýedi, ýöne olar: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyryşdylar.
32Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýdi.
33Olar-da Oňa: «Ýa Reb, gözümiz açylsyn» diýdiler.
34Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degirdi welin, derrew gözleri açyldy, onsoň Onuň yzyna düşüp gitdiler.