Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir.
3Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Duz deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr.
4Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer.
5Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ýerorta deňzine baryp ýeter.
6Ýerorta deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.
7Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ýerorta deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz.
8Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer.
9Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider.
11Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter.
12Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Duz deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“».
13Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň dokuz tirä we ýarym tirä bermegi emr eden, siziň bije atyp paýlaşmaly mülk alan topragyňyz şudur.
14Ruben, gat tireleri we manaşe tiresiniň ýarysy uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar.
15Bu iki tire we ýarym tire özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».
16Reb Musa şeýle diýdi:
17«Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa.
18Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň.
19Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep.
20Şimgon tiresinden Ammyhudyň ogly Şamuwal.
21Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat.
22Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar.
23Ýusubyň nesilleri: manaşe tiresinden Eýpotyň ogly Hannyýel serdar.
24Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar.
25Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar.
26Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar.
27Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar.
28Naftaly tiresinden Ammyhudyň ogly Pedahel serdar».
29Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy.