Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Eý doganlar, mahlasy, Rebde şatlanyň. Size bir zady gaýtalap ýazyp oturmagyň maňa zähmeti ýok, ýöne bu siziň howpsuz bolmagyňyz üçindir.
2Ýamanlyk edýän adamlardan, ol itlerden ägä boluň. Ýalan sünnetden ägä boluň.
3Çünki çyn sünnetliler, Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam etmeýän bizdiris.
4Aslyýetinde, meniň bedene-de ynam etmäge tutarygym bar. Başga biri tene ynam etmegi pikir edýän bolsa, meniň onuňkydan hem köp tutarygym bar.
5Men dogulmagymyň sekizinji gününde sünnetlendim. Ysraýyl urugyndan, Benýamyn taýpasyndan, ýewreýlerden bir ýewreý bolup, Mukaddes Kanun boýunça fariseýdirin.
6Yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim, Kanundaky dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.
7Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym.
8Hawa, ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn.
9Muny Mukaddes Kanundan gelen öz dogrulygyma däl, eýsem, Mesihe bolan iman arkaly berlen, iman saýasynda Hudaýdan gelen dogrulyga eýe bolup, Mesihde boljak bolup edýärin.
10Ölüminde Oňa meňzäp, Ony tanamak, direlişiniň güýjüni, görgülerine şärikligiň nähilidigini bilmek,
11garaz, ölümden direlişe ýetmek isleýärin. Pellehana tarap ylgalyň.
12Men häzirden bulara ýetenimi ýa kämilleşenimi aýtmaýaryn, ýöne Mesihiň meni gazanmakdaky maksadyny gazanjak bolup jan çekýärin.
13Doganlar, men özümi muny gazanan hasap etmeýärin.
14Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap bolan çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin, pellehana tarap ylgaýaryn.
15Şeýlelik bilen biz, kämiller, barymyz şu pikirde bolalyň. Siz bir zatda başga hili pikirde bolsaňyz, onda Hudaý muny-da size açyk görkezer.
16Ýöne nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezip, şol pikirde bolalyň.
17Doganlar, menden görelde almakda birleşiň. Bizden alan göreldäňize görä gezýänlere serediň.
18Çünki size ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzir-de aglap aýdýaryn, köp adamlar Mesihiň haçyna duşman bolup gezýär.
19Olaryň soňy heläkçilikdir. Taňrysy garynlarydyr. Olar öz aýyplary bilen magtanyp, diňe bu dünýäniň pikirini edýär.
20Biziň watanymyz Gökdedir. Şol ýerden hem Halasgäre, Reb Isa Mesihe garaşýandyrys.
21Ol her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji bilen biziň ujypsyz bedenimizi üýtgedip, Öz şöhratly bedenine meňzeder.