Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Munuň üçin, eý, meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji, Rebde berk duruň, eý söýgüliler.
2Men Ewodiýa we Sintihä ýalbarýaryn, Rebde pikirdeş bolsunlar.
3Hawa, eý, çyn işdeşim, senden-de bu aýallara garaşyk etmegi haýyş edýärin, çünki bular meniň bilen, Klement we atlary ýaşaýyş kitabynda ýazylan beýleki işdeşlerim bilen Hoş Habary ýaýratmak ugrunda göreşdiler.
4Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn: şatlanyň.
5Siziň ýumşaklygyňyz bütin ynsanlara belli bolsun. Rebbiň gelmeli wagty golaýdyr.
6Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň.
7Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.
8Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň.
9Menden öwrenen, kabul eden, eşiden we gören zatlaryňyzy ediň, onsoň parahatlyk beren Hudaý siziň bilen bolar.
10Ahyrsoňy, men hakdaky aladaňyzy täzeleýändigiňiz üçin, Rebde gaty şatlanýaryn. Aslyýetinde, aladalanýardyňyz, ýöne pursat ýokdy.
11Bulary ýetmezçiligimiň barlygy zerarly diýmeýärin, çünki her hili ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrendim.
12Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň, hem bolelin ýaşamagyň hem-de mätäçlikde bolmagyň syryny öwrendim.
13Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn.
14Ýöne siz meniň muşakgatlaryma şärik bolup gowy etdiňiz.
15Hoş Habaryň ýaňy ýaýramaga başlan wagtlarynda, men Makedoniýadan ýola düşenimde, özüňizden başga hiç bir ýygnagyň alyş-beriş işinde maňa goşulmandygyny, eý filipililer, siz-de bilýänsiňiz.
16Men Selanikdekäm hem siz bir-iki gezek hajatlarym üçin maňa kömegiňizi ýetirdiňiz.
17Men sylag ugrunda däl, diňe siziň hasabyňyza köpeljek miweleri gözleýärin.
18Ähli zadym bar, artygy bilen bar. Sizden gelen sowgatlary Epafroditden alanym üçin, kem zadym galmady. Bular: hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbanlary.
19Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar.
20Atamyz Hudaýa ebedilik şöhrat! Omyn.
21Bütin mukaddeslere Mesih Isada salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýar.
22Bütin mukaddesler, ylaýta-da, kaýsaryň içersi salam aýdýar.
23Reb Mesihiň merhemeti siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.