Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri:
2Bu pähimler danalygy we öwüt-nesihaty bilmek, paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.
3Parasatly hem-de dogruçyl bolmak, adyllyk we deňlik, öwüt-nesihaty özleşdirmek,
4Sadalara paýhas, ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.
5Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmeklik üçin: Akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.
7Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.
8Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.
9Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.
10Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.
11Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly. Sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.
12Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwdalyň.
13Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.
14Ählimiz üçin horjun bir bolsun; aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,
15eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.
16Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.
17Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.
19Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.
20Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.
21Jemendeli ýerlerde gygyrýar; şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:
22«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?
23Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.
24Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.
25Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.
26Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.
27Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,
28şonda meni çagyrarsyňyz. Ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.
29Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.
30Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.
31Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.
32Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.
33Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».