Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Oglum, meniň sözümi kabul edip, buýrugymy kalbyňda saklasaň,
2danalyga gulak asyp, düşünjä ýüregiňi berseň,
3hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünjä ýalbarsaň,
4ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň,
5şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň.
6Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.
7Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.
8Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
9Şonda dogruçyllyga we adalata akyl ýetirersiň, adyllyga we ýagşy ýola düşünersiň.
10Çünki danalyk seniň ýüregiňe girer, bilim kalbyňa hoş ýakar.
11Akyllylyk seni gorar, düşünje saňa sereder.
12Danalyk seni ýaman ýoldan, ýaramaz gepleýänlerden halas eder.
13Olar dogry ýoly taşlap, garaňkylyk ýolundan ýöreýärler.
14Ýaman iş edip şatlanýarlar, ýamanyň ýaramazlygyna guwanýarlar.
15Olaryň ýollary egridir, ýodalary öwrümli.
16Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder.
18Çünki onuň öýi ölüme eltýär, ýollary zeminiň teýine barýar.
19Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez.
20Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre, dogruçyllaryň ýoluny tut.
21Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar, sadyklar şol ýerde galarlar.
22Ýöne ýaramazlyk edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar.