Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
32 verses
1Süleýmanyň pähimleri: Akylly ogul atasyna şatlykdyr, akmak ogul enesine gaýgydyr.
2Ýaramazlyk bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.
3Reb dogruçyly aç goýýan däldir, ýöne ýaramazlaryň arzuwyny ret edýändir.
4Ýalta el garyplyk getirýär, işeňňir el baýlyk.
5Tomusda ýygnaýan parasatly oguldyr, Orak wagtynda uklaýan – atasyny uýada goýar.
6Dogrularyň başyna bereket ýagýar, ýaramazyň dilinde zorluk gizlenýär.
7Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, ýamanlaryň ady çüýreýändir.
8Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder, akmagyň dili bolsa bela elter.
9Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.
10Göz gypýan gam-gussa duçar bolar, akmagyň dili başyna bela getirer.
11Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr, ýaramazlaryň agzy zorlugy örtýändir.
12Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.
13Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär, kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.
14Akyllylar bilimi goraýarlar, akmagyň dili bolsa heläkçilige getirýär.
15Baýyň galasy onuň baýlygydyr, garybyň ýoksullygy onuň heläkçiligidir.
16Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär, ýaramazlaryň gazanjy günä getirýär.
17Terbiýäni saklaýan ýaşaýyş ýolundadyr, käýinji ret edýän bolsa ýoldan azaşýandyr.
18Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.
19Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.
20Dogruçylyň dili saýlama kümüşdir, ýaramazlaryň ýüregi hiç zada durýar.
21Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.
22Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.
23Akmak ýamanlyga şatlanar, düşünjeli adam danalyga.
24Ýaramazyň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter.
25Tupan geçýär, ýaramazlar ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.
26Işýakmaza iş buýurmak, diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.
27Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr, ýaramazyň ömri gysgalýar.
28Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär, ýaramazyň umydy puja çykýar.
29Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.
30Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, ýaramazlar ýer-ýüzünde galmaz.
31Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr, ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.
32Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, ýaramazyň agzyndan egrilik çykýar.