Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
2Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
3Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
4Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
5Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder, ýaramazlar bolsa öz ýaramazlygy zerarly ýykylar.
6Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
7Ýaramaz adam ölse, onuň umyt-niýetem ölýär, onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.
8Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek ýaramazlar muşakgata uçraýar.
9Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär, dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.
10Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, ýaramazlar ölende toý-dabara bolýar.
11Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar, ýaramazlaryň dilinden ol weýran bolýar.
12Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr, düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.
13Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir, ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
14Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
15Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker, kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.
16Mylakatly aýal hormat, zalymlar baýlyk gazanýandyr.
17Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.
18Ýaramazyň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
19Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.
20Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.
21Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.
22Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
23Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar, ýaramazlaryň garaşýany gahar-gazap.
24Biri bar – paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
25Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler.
26Gallasyny gizleýäne halk gargaýar, galla satýanyň başyna bereket ýagýar.
27Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.
28Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
29Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar, akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.
30Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.
31Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa, ýaramaz bilen günäkäriň almyty, gör, näçe esse bolar!