Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
2Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
3Adam ýaramazlyk bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
4Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
5Dogruçylyň pikiri adyldyr, ýaramazlaryň maslahaty haýynlykdyr.
6Ýaramazlaryň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
7Ýaramazlar düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
8Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
9Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
10Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, ýaramazlaryň rehimi hem zalymlykdyr.
11Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
12Ýaramazlar ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
13Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
14Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
15Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär.
16Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
17Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.
18Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
19Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
20Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
21Dogruçyl adama hiç bela gelmez, ýaramazlaryň başy beladan gutulmaz.
22Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
23Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýändir.
24Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
25Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
26Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, ýaramazlaryň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
27Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
28Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur.