Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
48 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?
3Adalaty goraýanlar, elmydama dogrulyk edýänler neneňsi bagtly!
4Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal.
5Seniň seçip saýlanlaryň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.
6Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.
7Ata-babalarymyz Müsürde gudratlaryňa düşünmediler, boldan-bol wepaly söýgiňi ýatlamadylar. Gyzyl deňziň ýakasynda baş galdyrdylar.
8Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.
9Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.
10Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden gutardy.
11Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi, olardan hiç biri aman galmady.
12Şonda Onuň sözlerine olar uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.
13Emma olar Onuň işlerini tiz unutdylar, Onuň maslahatyna garaşmadylar.
14Olar çölde açgözlüge göwün berdiler, çöl-beýewanda Hudaýy synap gördüler.
15Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.
16Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.
17Ýer ýarylyp Datany ýalmap ýuwutdy, Abyramyň toplanyşygynyň üstüni örtdi.
18Olaryň toplanyşygynda ot alawlady, erbetleri ýalyn ýandyrdy.
19Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.
20Olar Hudaýyň şan-şöhratyny ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.
21Olar Hudaýy – Müsürde beýik işleri, Ham ýurdunda gudratlary işleri,
22Gyzyl deňzinde haýbatly işleri eden Halasgärlerini ýatdan çykardy.
23Ol olary ýok etmek howpuna saldy, emma Musa, Onuň saýlany, Oňa töwella etdi, Onuň ýandyryjy gazabyn sowdy.
24Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar.
25Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.
26Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip,
27olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.
28Soňra Bagalpegora bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlary olar iýdiler.
29Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.
30Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.
31Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.
32Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.
33Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy, onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.
34Olar Rebbiň buýranlaryny berjaý etmediler – olar halklary ýoklamadylar.
35Gaýtam milletlere garyşyp, olaryň däp-dessuryna eýerdiler.
36Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular.
37Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler.
38Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.
39Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.
40Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.
41Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.
42Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.
43Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.
44Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.
45Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, wepaly söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.
46Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy.
47Eý, Hudaýymyz Reb, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi toplap al.
48Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun! Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!