Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. Maňa neneň şeýle aýdyp bilýäňiz: «Guş kimin öz dagyňa gaç –
2ynha, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.
3Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»
4Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.
5Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.
6Ol erbetleriň üst��ne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.
7Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.