Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
2Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi. נ
3Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
4Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz erbetler, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
5Elmydama üstünlikli bolýar onuň ýollary, מ
6göz ýetirerinden Seniň hökümleriň ýokary. Ol ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
7Ýüreginde diýýär: ��Meni hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzüm ýamanlyk görmez». פ
8Onuň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, diliniň astynda zyýan, etmiş bar. ע 9 Obalaryň ýanynda oturýar ol bukuda, bigünäni öldürýär gizlin ýerlerde; göz astyna alyp, ol ejizi aňtaýar;
10ol şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby öz toruna tutýar.
11Ol egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de onuň goluna düşýär.
12Öz ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny». ק
13Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
14Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýärler, ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýärler? ר
15Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. שׁ
16Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
17Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler. ת
18Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.