Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
2Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý! ב
3Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
4Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary. ג
5Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
6Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman, şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan, olary ýatlamadan galmady nyşan. ה ד
7Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.
8Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar. ו
9Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
10Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Özüňi agtarýanlary Sen terk eden dälsiň. ז
11Siýonda mesgen tutan Rebbe aýdyň siz nagma; eden işlerini jar ediň halklaryň arasynda.
12Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar. ח
13Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
14Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Siýon gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn. ט
15Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
16Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela י
17Ölüler dünýäsine düşerler erbetler we Hudaýy unudan ähli milletler. כ
18Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
19Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
20Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela