Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň söhratyňy gökler üstünde.
2Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.
3Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
4«Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
5Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
6Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
7goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,
8gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre geçýän bar jandarlary».
9Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!