Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.
2Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn.
3Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,
4eger özüm bilen asudalykda ýaşana men ýamanlyk edäýen bolsam, duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam,
5onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela
6Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.
7Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi, göklerden ýöret olara Sen hökümiňi.
8Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.
9Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.
10Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.
11Hudaý adyl Kazydyr, haksyzlygy günde höküm edýändir.
12Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir.
13Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.
14Ynha, erbet adamyň haksyzlykdan hamyla bolup, göwresinde ýamanlygy göterip, ýalany dünýä indirişini gör!
15Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.
16Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine.
17Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin, şatlanyp, Beýik Hudaý nagma aýdýaryn.