Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
2Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!
3Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
4Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
5Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,
6eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.
7Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar,
8olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
9Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!