Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,
2Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.
3Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.
4Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.
5Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?
6Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!
7Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde,