Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan – şöhrat ber Sen Özüňe!
2«Hany olaryň Hudaýy?» diýip, näme üçin milletler aýtsyn?!
3Biziň Hudaýymyz göklerde Ol göwnüniň islän zadyny edýär.
4Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.
5Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär.
6Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar.
7Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar.
8Şolar dek bolar olary ýasanlar, we olara bil baglan ähli ynsanlar.
9Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
10Eý, Harunyň nesli, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
11Eý, Rebden gorkýan, Oňa bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
12Reb bizi ýadyna saldy, Ol bize ak pata berer. Ol Ysraýylyň nesline ak pata berer, Ol Harunyň nesline ak pata berer.
13Rebden gorkýanlara, uly-kiçä ak pata berer;
14goý, Reb sizi hem-de zürýatlaryňyzy köpeltsin;
15goý, gögi-ýeri ýaradan Reb size ak pata bersin.
16Gökler Rebbiňkidir, ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi.
17Merhumlar, gabra inýänleriň hiç biri Rebbi şöhratlandyrmaýar.
18Emma şindiden ebedä çenli, biz Rebbe aýtjak alkyşy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!