Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Rebbi söýýärin, çünki Ol eşitdi sesimi, dat-perýadymy.
2Ol maňa gulak goýandygy sebäpli, Ony çagyraryn men ömürboýy.
3Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.
4Men şonda çagyrdym Rebbi: «Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!»
5Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.
6Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.
7Rahatlygyňa öwrül, eý, meniň janym, çünki Reb saňa jomartlyk etdi.
8Sen ölümden halas etdiň janymy, gözýaşlardan – meniň gözümi, büdremekden – aýaklarymy.
9Men diriler diýarynda Rebbiň huzurynda gezerin.
10«Ejirlerim juda köp» diýenimde hem, imandan aýrylmadym men.
11Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
12Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?
13Gutulyş pyýalasyny galdyryp, çagyraryn Rebbiň adyny.
14Bütin halkynyň öňünde berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
15Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin neneňsi agyr!
16Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen gyryp taşladyň zynjyrlarymy.
17Saňa şükür gurbanyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.
18Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
19Rebbe şan-şöhrat bolsun!