Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.
2Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.
3Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular?
4Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!
5Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;
6dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
7Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.