Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
6 verses
1Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!
2Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
3Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda
4Rebden gorkýan, ine, şeýle ýalkanar!
5Reb saňa Siýondan ak pata berer! ömürboýy Iýerusalimiň rowaçlygyny görersiň.
6Sen ogullaryňyň ogullaryny görersiň. Goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!