Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –
2Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.
3Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler».
4Emma wepaly Reb erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.
5Siýony ýigrenýänleriň ählisi goý, utanyp, yzyna dönsün.
6Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
7Ondan orakçy gysymyny doldurmaz, desse bogýan gujagyny doldurmaz.
8«Çäjiňe bereket! Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.