Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň!
2Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!
3Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.
4Çünki Reb Özi üçin Ýakup neslini, Öz genji hökmünde Ysraýyly seçip saýlady.
5Men bilýärin Rebbiň beýikdigini, Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini.
6Göklerde, ýeriň ýüzünde, deňizlerde, bar çuňluklarda Reb Öz göwnüniň islän zadyny edýär.
7Ol ýeriň uçlaryndan bulutlary turuzýar, ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, Öz ammarlaryndan ýeli çykarýar.
8Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň ilkinji doglanlaryny öldürdi.
9Eý, Müsür, Ol seniň içiňe – fyrownyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne alamatlary, mugjyzalary ýollady.
10Ol köp milletleri gyrdy, güýçli patyşalary öldürdi:
11amorlaryň patyşasy Sihony, başanlaryň patyşasy Ogy we ähli Kengan şalyklaryny.
12Olaryň topragyny miras hökmünde, saýlama mülk hökmünde Öz ysraýyl halkyna berdi.
13Ýa Reb, Seniň adyň ebedi, ýa Reb, Sen ýatlanarsyň asyrlarboýy.
14Reb Öz halkyny hakly çykarar, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
15Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.
16Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok.
17Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok.
18Şolar dek bolar butlary ýasanlar, olara bil baglan ähli ynsanlar.
19Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň.
20Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.
21Iýerusalimde mesgen tutan Rebbe Siýondan alkyşlar bolsun! Rebbe şan-şöhrat bolsun!