Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
3Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
4Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.
5Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
6Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.
7Uly yşyklary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
8Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky,
9gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
10Müsüriň nowbaharlaryny öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
11[11-12]Güýçli eli, uzadan goly bilen, Onuň söýgüsi baky, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.
13Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
14Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
15Fyrowny, goşunyny Gyzyl deňzinde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
16Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
17Beýik patyşalary öldürýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
18Kuwwatly patyşalary ýok edýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
19Amorlaryň patyşasy Sihonyň, Onuň söýgüsi baky.
20Başanyň patyşasy Oguň, Onuň söýgüsi baky.
21Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
22Olaryň topragyny miras hökmünde Ysraýyla – Rebbe hyzmat edýän halka beren-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
23Pes günümizde bizi ýatlan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
24Duşmanlarymyzdan bizi halas eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
25Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
26Gökleriň Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.