Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!
2Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Siýon perzentleri Şasyna, goý, begensin!
3Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, kinorda Oňa mukamlar çalsyn!
4Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.
5Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.
6Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.
7Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.
8Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar.
9Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!