Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3Eý, Gün we Aý, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!
5Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar,
11eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halky, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
13Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!