Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.
4Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza kinorda mukamlar çalyň!
8Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
10Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň wepaly söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.
12Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Siýon, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
13Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
14Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
15Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
16Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
17Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
18Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
19Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
20Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!