Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym!
2Men ömürboýy Rebbi şöhratlandyraryn, demim barka Hudaýyma nagma aýdaryn.
3Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär.
4Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda, şol günüň özünde niýetleri puç bolýar.
5Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!
6Ýeri gögi, deňzi, onuň içindäkileri ýaradan Oldur, wepalylygy ebedi saklaýan Oldur.
7Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar.
8Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.
9Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.
10Reb höküm sürer ebedi, eý, Siýon, seniň Hudaýyň – nesillerboýy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!