Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Eý, Hudaýym, meniň Patyşam! Men Seni beýgelderin, Seniň adyňa ebedi we baky alkyş aýdaryn.
2Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
3Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp, Onuň beýikligi ynsan akylyna sygmaz.
4Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
5Seniň belentligiňiň şanly şöwketi, ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn.
6Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.
7Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
8Reb merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.
9Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.
10Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.
11Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin,
12olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
13Seniň şalygyň – müdimi şalyk, hökümdarlygyň – nesillerboýy. Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar.
14Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri.
15Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
16Sen eliňi açýarsyň, ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň.
17Reb ähli ýollarynda dogrudyr, Ol ähli işlerinde rehim-şepagatlydyr.
18Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine, Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.
19Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär, olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.
20Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar, emma erbetleriň baryny Ol heläk eder.
21Meniň agzym Rebbe öwgüler aýdar, janly-jandarlaryň bary asyrlarboýy mukaddes adyna alkyşlar aýdar!