Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Dawudyň miktamy Gora meni, eý, Hudaý, çünki Seni pena tutunýan.
2Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym, maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».
3Ýurtdaky mukaddes halka – şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.
4Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.
5Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.
6Ajaýyp ýerlerden düşdi mellegim, göwne ýakymlydyr meniň mirasym.
7Maňa maslahat beren Rebbe alkyş aýdaryn; hatda gijelerine-de öwüt berýär ýüregim.
8Reb elmydama gözlerimiň öňünde, sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
9Şoňa görä ýüregim begençli, kalbym şatlanýar, meniň tenim hem asudalykda ýaşaýar.
10Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine razy bolmarsyň.
11Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: Sen huzuryňda doldurarsyň meni şatlykdan, Öz sagyňda hem – ebedilik begençden.