Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.
2Ýa Reb, sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.
3Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
4Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
5Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy; meniň aýaklarym taýmady.
6Men çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, eý, Hudaý; gulak goý-da, eşit meni�� sözümi.
7Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp wepaly söýgiňi görkez.
8Gora meni gözüň göreji ýaly;
9maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
10Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.
11Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursaty.
12Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek, buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly.
13Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary; gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et, ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et. Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy.
14Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny; çagalaryndan hoşal olaryň göwni; balalaryna galdyrar özlerinden artany.
15Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.