Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Milletler arasyndaky başbozarlyk, halklaryň biderek hüňürdemeleri näme?
2Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
3Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyraly zynjyrlaryny».
4Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.
5Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer:
6«Mukaddes dagym Siýonda Mendirin Öz patyşamy oturdan».
7Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ata boldum Men saňa.
8Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde.
9Sen olary demir hasaň bilen döwersiň; küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».
10Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:
11Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.
12Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.