Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
2Köpler men babatda şeýle diýýärler: «Hudaý ony halas eýlemez». Sela
3Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
4Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
5Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
6Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
7Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
8Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela