Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda, maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
2Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz Meniň adyma ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela
3Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
4Gaharlanyp, günä galmaň siz: Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
5Dogry gurbanlary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
6«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
7Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
8Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.