Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?
2Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.
3Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
4Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.
5Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.
6Men bolsa bir gur��uk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni.
7Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar:
8«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»
9Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.
10Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.
11Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.
12Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;
13olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly.
14Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi.
15Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň.
16Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler.
17Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär.
18Özara paýlaşýar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar.
19Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma.
20Gylyçdan halas et meniň janymy, itiň penjesinden – meniň ömrümi.
21Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan.
22Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn.
23Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň!
24Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady, ony ýigrenç saýmady, Öz ýüzüni ondan kese sowmady, gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi.
25Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym; Rebden gorkýanlaryň öňünde berjaý ederin öz kasamlarym.
26Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar, Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn! Ýüregiňiz elmydama şat bolsun!
27Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler.
28Çünki şalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi.
29Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri, ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi, janyny diri saklap bilmedikler-de, Onuň öňünde tagzym ederler.
30Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler,
31«Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler.