Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.
2Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.
3Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.
4Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
5Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.
6Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
7Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň wepaly söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.
8Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.
9Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwdar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.
10Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.
11Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.
12Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.
13Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.