Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
2Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siýondan seni goldasyn.
3Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
4Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
5Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys, Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris. Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
6Men indi bilýärin: Öz seçip saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.
7Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
8Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.
9Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.