Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
2Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
3Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
4Ýöne tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, älem çäklerine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
5Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
6Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
7Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.
8Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.
9Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.
10Arzuwlydyr olar altyndan, hatda sap altynyň köplüginden-de; süýjüdir olar ary balyndan, aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
11Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
12Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär? Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
13Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
14Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.