Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän. ב
2Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. ג
3Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja. ד
4Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy. ה
5Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret, çünki meni halas edýän Hudaý Sen; men uzakly gün Saňa intizardyryn. ז
6Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir wepaly söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri. ח
7Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, wepaly söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni. ט
8Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär. י
9Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. כ
10Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen wepalylykdyr Rebbiň ähli ýollary. ל
11Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna bagyşla Sen meniň etmişlerimi, çünki uludyr olar. מ
12Rebden gorkýan ynsan bar bolsa, Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny. נ
13Ol ýaşajakdyr bolelinlikde, ýeri miras alar onuň zürýady. ס
14Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär, Ol olara Öz ähtini bildirýär. ע
15Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar. פ
16Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin. צ
17Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy; jebir-jepalarymdan halas et meni. ר
18Muşakgatym bilen yzama seret hem-de meniň ähli günälerimi öt. ר
19Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň, olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni. ש
20Janymy gora-da, halas et meni, utanmaýyn, çünki pena edindim Seni. ת
21Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn, çünki men Saňa intizardyryn.
22Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.