Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
2Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.
3Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň wepalylygyňda.
4Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
5Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaýaryn.
6Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
7Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
8Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi hem-de Seniň şöhratyňyň ýaşalgasyny.
9Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – meniň ýaşaýyşymy.
10Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
11Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.
12Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.