Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?
2Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym töhmetleri bilen maňa hüjüm edende özleri büdreýär hem-de ýykylýar.
3Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
4Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga-dilegler etmek.
5Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar.
6Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
7Ýa Reb, dat-perýatly sesimi eşit; merhemet eýle-de, maňa jogap ber.
8«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.
9Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň!
10Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder.
11Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym zerarly, meni düz ýodadan alyp git.
12Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma, çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma, olar zalymlygyny pürkýärler maňa.
13Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny görjekdigime ynanýaryn men.
14Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla.