Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär.
7Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!