Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Ýa Reb, Seni beýgeltjek, çünki Sen ýokary meni galdyrdyň, meni duşman gülküsine goýmadyň.
2Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.
3Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.
4Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň; mukaddes adyna şükürler ediň.
5Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler.
6Men şeýle diýdim öz rahatlygymda: «Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».
7Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni.
8Ýa Reb, Seni çagyrdym; Taňrymdan merhemet diläp, dat-perýat etdim.
9Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»
10Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.
11Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň, ýas julumy çykaryp, meni begenç lybasyna beslediň.
12Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn. Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!