Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar. ב
2Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar. ג
3Meniň bilen bile Rebbi öweliň, beýgeldeli bilelikde Onuň adyny. ד
4Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. ה
5Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz. ז
6Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi. ח
7Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär. ט
8Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! י
9Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi. כ
10Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi. ל
11Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy. מ
12Ynsan ýagşylygy göreri ýaly, isleýärmi ýaşamaklygy? Arzuw edýärmi uzak bir ömri? נ
13Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy; ס
14ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma. ע
15Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. פ
16Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz. צ
17Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär. ק
18Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. ר
19Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas eýleýär. שׁ
20Onuň ähli süňklerini goraýar, olaryň biri hem döwülmez. ת
21Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
22Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.