Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy.
2Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
3Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
4olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
5Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
6Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
7Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
8Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir.
9Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
10Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
11Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň – Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». [12] Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir. Sela