Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
19 verses
1Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna; Öz merhemetiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.
2Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden.
3Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.
4Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.
5Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri.
6Ynha, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde, danalygy öwredýärsiň meniň içimde.
7Meni ýowşan bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.
8Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini, meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn.
9Meniň günälerimden sow Sen ýüzüňi hem-de öçür meniň ýazyklarymy.
10Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
11Sen Öz huzuryňdan meni taşlama, menden Mukaddes Ruhuňy alma.
12Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.
13Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
14Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.
15Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.
16Sen gurban isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlary bersem-de, razy bolmarsyň.
17Synyk ruh – Hudaýa ýaraýan gurban; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň.
18Siýona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
19Şonda dogrulyk gurbanlary, ýakma gurbanlary, tutuş ýakma gurbanlary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.