Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň wepaly söýgüsi hemişe meniň bilen!
2Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
3Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
4Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
5Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
6Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:
7«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».
8Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň wepaly söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.
9Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.