Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
6 verses
1Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. 9Ýowşan – Ýewreýler ýowşan ýaly bir ösümlik bilen gurban sypasyny arassalaýardylar.
4Akylyna aýlanmazmy ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
5Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar. Sen olary galdyrarsyň uýada, çünki olary Hudaý ret etdi.
6Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.