Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen.
2Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
3Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
4Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy.
5Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
6Saňa höwes bilen gurban keseýin, ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
7Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi, gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.