Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama, ret etme ýalbaryşymy.
2Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulmundan ýaňa, meniň başym çaşdy.
3Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynda ajysyny pürkýärler.
4Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.
5Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.
6Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.
7Hakyky, uzaklara – çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
8Güýçli ýelden, gaý-harasatdan gaçalgama tarap men howlugardym».
9Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny, çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
10Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar, onuň içinde horluk, ezýet bar.
11Onuň ortasynda weýrançylyk bar, zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
12Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim.
13Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym.
14Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
15Goý, ölüm olaryň başyna insin, olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn, çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
16Men bolsa çagyraryn Hudaýy, halas eder Reb meni.
17Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi.
18Maňa garşy bolan uruşda Ol halas eder meniň janymy, çünki köpler çykdy meniň garşyma.
19Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider hem-de olara gaýtawul berer. Çünki olarda özgerişlik ýok, Hudaýdan olar gorkanok.
20Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy hem-de eden ähtini bozdy.
21Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
22Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.
23Emma Sen, eý, Hudaý, ölüm çukuryna inderersiň olary; ganhorlar we hilegärler ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz; men bolsa bil baglaryn Saňa.